basdyrmak

basdyrmak
işlik
1) Aýak astynda galdyrmak, üstünden agram saldyrmak, depeletmek.
∙ Guduzlar jemlenip atyn sürdüler, Garyby basdyryp hem-de urdular. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
2) Türmä saldyrmak.
∙ Bigünä adamy basdyrdylar.
3) Rejeläp üsti-üstüne goýdurmak, biri-biriniň üstünde ýerleşdirtmek.
gaýga basdyrmakseret gaýgy
küde basdyrmakBede basdyrmak. Odun basdyrmak.
ota basdyrmakseret ot
∙ Ota basdyran ýerleriň-ä bar eken.
suwa basdyrmakSuw basmagyna ýol bermek.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужно сделать НИР?

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»